Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew ýene bir ýyl «Kaýratda» galar

12:2424.12.2021
0
5953

«Kaýratyň» baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň ýakyn günlerde topar bilen şertnamasyny täzelemegine garaşylýar.

Sports.ru-nyň ýazmagyna görä, täze şertnama 2022-nji ýylyň ahyryna çenli hereket eder. «Kaýrat» öňümizdäki möwsümde Gurban Berdiýew bilen ýurduň çempionlygyny gaýdyp almagy meýilleşdirýär.

Dünýä metbugatynda türkmenistanly tälimçiniň eýýäm öz futbol pelsepesine laýyk gelýän futbolçylaryň gözlegine çykandygy aýdylýar. Şeýle gözlegler Gazagystanda we Russiýada alnyp barylýar. Geçen möwsümdäki düzümden bolsa käbir futbolçylaryň topar bilen hoşlaşmagy ahmal.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň