Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Aliýewi 60 ýaşy bilen gutlady

21:0723.12.2021
0
6320

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýewi 60 ýaşy bilen gutlady.

Berdimuhamedow gutlag hatynda: «Häzirki wagtda Azerbaýjanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny aýtdy. Ýurduň ykdysady ösüşde gazanan üstünlikleri, dünýä ýüzündäki abraýyny ýokarlandyrmak Aliýewiň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Özüňizi dogduk mekanyňyzyň bähbitlerini goramak, milli maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin bütinleý bagyş etdiňiz. Halk üçin bu wepaly hyzmat minnetdarlyga mynasypdyr — diýip, belläp geçdi.

Türkmen Lideri, iki ýurduň arasyndaky strategik we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge, halklaryň çyn ýürekden dostlugyny we doganlygyny berkitmäge Prezident Aliýewiň şahsy goşandyny we ähli taraplaýyn goldawyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewe jan saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny, Azerbaýjanyň halkyna parahatçylyk, mundan beýläkde ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Ilham Aliýew, 2003-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan bäri bu wezipäni eýeleýän Azerbaýjanyň dördünji prezidenti. Ol Azerbaýjanyň öňki lideri Heýdar Aliýewiň ogludyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň