Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi

09:2623.12.2021
0
2110

2021-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň reýtingini düzýän «Times Higher Education World University Ranking» guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi, 2021-nji ýylyň dünýä uniwersitetleriniň «AD Scientific Index» ylmy reýting görkezijilerinde hem mynasyp orun eýeledi.

Şu ýylyň 14-nji dekabrynda Jakartada «Green Metric» diýlip atlandyrylýan daşky gurşawyň durnuklylygynyň global reýtingi 2021-nji ýylyň netijelerini yglan etdi. Şu ýyl bu daşky gurşaw reýtingine dünýäniň müňden gowrak uniwersiteti gatnaşdy. Her gatnaşyjy öz ýokary okuw mekdebiniň daşky gurşawda amala aşyrýan işlerini beýan edip, bu maglumatlary degişli kadalaşdyryjy resminamalar bilen tassyklady. «Green Metric» dünýä daşky gurşaw reýtingi Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan 2010-njy ýylda işlenip düzüldi we ýokary okuw mekdepleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine goşýan goşandyny bahalandyrýan ilkinji halkara reýting boldy. Häzirki wagtda bu reýting, esasan, adamzadyň durnukly ösüş meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak wezipesini ýerine ýetirýär we bu meseläni çözmäge gatnaşýan uniwersitetleriň halkara derejä çykmagyna goşant goşýar. «Green Metric» reýtinginiň artýan meşhurlygy we agzalarynyň giň gerimi geljekde onuň daşky gurşaw meselelerini çözmegiň täsirli serişdesine öwrülmeginiň mümkindigini görkezýär.

«UI Green Metric World University Rankings» dünýäniň ýokary okuw mekdeplerini ekologiýa ugurlary boýunça derejeleýän edaradyr. Ol ýokary okuw mekdeplerini 6 ugur, ýagny uniwersitet gurluşy we onuň ekologiýa täsiri; galyndylaryň gaýtadan işlenilişi; ekologiýa bilimi we bu ugurdaky ylmy-barlaglar; suwuň aýawly ulanylyşy; ulag ugry boýunça derejelere bölýär.

Dünýä derejesinde geçirilen bu bäsleşige Indoneziýa Respublikasynyň Bengkulu uniwersiteti, Türkiýe Respublikasyndan Akdeňiz uniwersiteti, Eýran Yslam Respublikasyndan Tarbiat Modares uniwersiteti ýaly, 80 ýurtdan 956 sany abraýly ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Beýleki üstünlik gazanan uniwersitetler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem gowy netijeleri gazanmagy başardy. Institut umumy reýting boýunça 6100 utuk gazanyp, 388-nji ýeri eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň