Soňky habarlar

Arhiw

«Sumbar Computer» dükanyna köpsanly täze harytlar geldi

14:1322.12.2021
0
5658

Kompýuter we periferiýa enjamlary dükany bolan «Sumbar Computer» köpsanly täze harytlaryň gelendigini habar berdi.Täze önümleriň arasynda durmuş enjamlary we elektronika önümleri bar: teleýaýlym hemrasy üçin týunerler («Wi-Fi» – waýfaý enjamlaryny hem goşmak bilen), dürli elektrik üpjünçiligi enjamlary, wideo kartlar, kompýuter we planşet enjamlarynyň düzüm bölegi bolan içki gaty diskler, maglumat saklaýjy enjamlar, prosessorlar üçin howa we suwuk sowadyjylar, kompýuter enjamlarynyň gabaralary (корпус – gabara, göwre, gap, korpus), kompýuterler üçin amaly (operatiw) ýat enjamlary.

Mundan başga-da, «Sumbar Computer» dükany amatly kompýuter oturgyçlarynyň we stollarynyň, smartfon kuwwatlandyryjylarynyň (zarýad berijileriniň), kuwwatdyryjy (zarýad beriji) enjam üçin kabelleriň, göçme batareýalaryň, selefi taýaklarynyň (селфи-палки), akylly sagatlaryň, monitorlaryň we ş.m enjamlaryň täze dizaýnlaryny hödürleýär.

«Sumbar Computer» dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow (öňki Hudaýberdiýew) şaýoly, 99.

«Sumbar Computer» dükanynyň telefon belgileri: +993 (12) 492343, +993 (12) 261369.

Şeýle hem, «Sumbar Computer» dükanyna gelen köpsanly täze önümleriň dürli görnüşleri we bahalary bilen «sumbar-сomputer.сom» web sahypasynda tanyşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň