Turkmenportal logo
22.12.21
67896789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2022-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy üçin «Altyn asyr» bilen «Şagadam» göreşer
2022-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy üçin «Altyn asyr» bilen «Şagadam» göreşer

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary final duşuşygynda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. Ýurduň milli çempionatynyň 2021-nji ýyldaky möwsüminiň ýeňijisi bolsa «Altyn asyr» bolupdy.


Şeýlelikde, geljek ýyl Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy üçin «Altyn asyr» bilen «Şagadam» güýç synanyşar. Bu iki topar mundan ozal Naýbaşy kubok duşuşygynda biri-biri bilen 2016-njy ýylda gabat gelipdiler. Şol duşuşyk «Altyn asyryň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.


«Aragatnaşykçylar» Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň häzirki eýesidir. Şu ýyl geçirilen duşuşykda olar «Köpetdagy» 2:1 hasabynda ýeňdiler.


Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklary 2005-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirip gelýär. Yzda galan ýyllarda bu Kuboga «Altyn asyr» 7, «Nebitçi» bilen HTTU 3, «Aşgabat», «Merw» we «Ahal» toparlary bir gezek mynasyp boldy.