Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň we AFK-nyň kubogynyň täze möwsüminiň bijeleri ýanwar aýynda çekiler

16:5021.12.2021
0
5110

Aziýa Futbol Konfederasiýasy 2022-nji ýyldaky AFK Çempionlar ligasynyň toparça tapgyryndaky bijeleriň çekiljek senesini yglan etdi. Bu barada "Istiklol" klubynyň resmi saýty habar berýär.

Aziýanyň iň abraýly klub bäsleşiginiň bijeleri çekmek dabarasy, 2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki AFK-nyň merkezinde onlaýn ýagdaýda geçiriler.

Bije çekişligiň netijelerine görä, her birinde dört topar bolan on toparça dörediler. Deslapky maglumatlara görä, günbatar zonada esasy klub ýaryşynyň toparlaýyn tapgyry maý aýynda, gündogarda bolsa aprel aýynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

Şeýle hem şol gün, 2022-nji ýyldaky AFK kubogynyň toparçasy üçin bijeler çekiler.

Geljek ýyl AFK Çempionlar ligasynda Türkmenistana ýurduň wise-çempiony «Ahal» wekilçilik eder. Ýurduň çempiony «Altyn Asyr» we «Köpetdag» AFK kubogynyň toparçasynda göreşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň