Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi brifing geçirdi

17:3314.12.2021
0
7842

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýerkebulan Sapiýew brifing geçirdi diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Brifing Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçirildi.

Ilçi brifinge ýygnananlara ýüzlenip, Gazagystanyň gazananlaryny dogrusynda durup geçmek bilen, şu ýyl ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüş depginini saklandygyny aýtdy. 10 aýyň netijelerine laýyklykda, häzirki wagtda dowam edýän pandemiýa şertleriniň çäklendirmeleri sebäpli dünýä ykdysadyýetindäki kyn ýagdaýlara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi 3,5%-e deň boldy.

Diplomatyň bellemegine görä, gaýtadan işleýän senagatda önümçiligiň mukdary 5,3% ýokarlandy. Bu ösüş lokomotiwleriň we wagonlaryň (59%), plastmassa önümleriniň (36,5%), derman önümçiliginiň (33,6%), taýýar metal önümleriniň (16,4%), maşyn gurluşygynyň (19,5%), mebel önümçiliginiň (11,8%) egin-eşikleriň önümçiliginiň (11,4%), şeýle-de gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň (9,3%) depginine degişlidir.

Aýratyn-da, sebitiň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, Gazagystan bilen Türkmenistan özara hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Gazagystan Türkmenistan bilen syýasy, söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine, sebitara we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär.

“Ikitaraplaýyn söwdanyň depgini yzygiderli ösmegini dowam edýär. 2020-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygy 128 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bu görkeziji eýýäm 143 million dollardan geçdi, bu bolsa söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini görkezýär” – diýip, Ýerkebulan Sapiýew nygtady.

Şunuň bilen birlikde, ol serhetara hyzmatdaşlyga, hususan-da Gazagystanyň Mangistaw welaýaty bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasyndaky özara gatnaşyklara ünsi çekdi. Diplomat geljekde hem iki ýurduň serhedinde ýörite serhet söwda zolagyny döretmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Şeýle-de okaň:
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň