Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

07:3012.12.2021
0
6794

Şu gün Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär:

«Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bitaraplyk dünýäniň abadançylygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilen taglymatdyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Halkara Bitaraplyk gününi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny uly taryhy wakalar, ajaýyp zähmet ýeňişleri, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri bilen garşy alýarys.

Biziň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatymyz halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýadydyr. Türkmenistan gysga taryhy döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady. Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Şoňa görä-de, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

Biz dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara alyp, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýarys. Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň ýokary derejede geçirilip, Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň gazanylmagy biziň parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Bitarap döwletimiziň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi. Geljekde-de biziň öz öňümizde goýan esasy maksadymyz halkara borçnamalara, halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň hatyrasyna durmuşa geçirmekden ybarat bolar.

Eziz watandaşlar!

Bitaraplyk syýasatymyz bagtly durmuşymyzy berkitmegiň daýanjydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş taýdan ösüş, ykdysady taýdan rowaçlyk baş maksadymyz bolup, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrýarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şeýle-de daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulmagyny hem çuňlaşdyrýarys.

Iri halkara hem-de milli taslamalary durmuşa geçirmek, täze önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurup ulanmaga bermek babatynda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek, Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijilerini gurmak, «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýoluny, Serhetabat — Turgundy demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak boýunça taslamalary üstünlikli amala aşyrdyk. Ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze obalardyr şäherçeleri gurduk. Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini üpjün etmäge, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge, tebigy serişdelerimizi oýlanyşykly peýdalanmaga, daşary ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işlerimiz bu gün ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Eziz Watanymyza bolan söýgimiz, ösüşleriň täze sepgitlerine ýetmekdäki belent ynamymyz bilen Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň esaslaryny berkidýän işlerimizi geljekde hem üstünlikli dowam etdireris.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň