Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Aşgabat» 11 metrlik jerimeleriň ikisi geçirilen duşuşykda «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

22:0010.12.2021
0
2625
TÝL ― 2021: «Aşgabat» 11 metrlik jerimeleriň ikisi geçirilen duşuşykda «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Aşgabat” bilen Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparlary duşuşdy. "Aşgabat" stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy (3:0).

Gollaryň üçüsini hem Gurbangeldi Sähedow geçirdi. Oýunçy iki gezek penaltiden tapawutlandy.

Şeýlelikde, 11-nji tapgyrdaky soňky gollaryň ählisi hem 11 metrlik jerime urgularyndan geçirildi.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji dekabrda geçirilip, onda “Altyn Asyr” – “Aşgabat”, “Energetik” – “Şagadam”, “Nebitçi” – “Merw” hem-de “Ahal” – “Köpetdag” toparlary duşuşarlar.

“Aşgabat” – “Nebitçi” – 3:0

Gollar: 8 (11 m.j.u.), 45+1, 66 (11 m.j.u.) Gurbangeldi Sähedow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 25 Toýmämmet Saparmämmedow (“Aşgabat”) – 30 Akmyrat Jumanazarow, 23 Ýusup Annagurbanow, 65 Maksat Çagbalyýew (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

Duşuşygyň komissary: B.Nurmyradow (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň