Soňky habarlar

Arhiw

«Sumbar Computer» dükany dürli görnüşli maglumat saklaýjy enjamlary we ýat kartlaryny hödürleýär

12:4808.12.2021
0
9686

Kompýuter we periferiýa enjamlary dükany bolan «Sumbar Computer» paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny maglumat saklaýjy enjamlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar: gaty diskler, fleşkalar, ýat kartlary (SD).

«Sumbar Computer» dükanynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň – «Samsung», «Toshiba», «Seagate», «Kingston» ýaly kompaniýalaryň önümi bolan köpsanly gaty diskleriň dürli görnüşleri, şeýle hem bu gaty diskler üçin niýetlenilen daşlyklar bar.

Şeýle hem, bu dükanda müşderiler üçin «Kingston», «Adata», «SanDisk» we beýleki öndürijileriň 4 GB-den 128 GB-a çenli fleşka önümleri, 8 GB-den 256 GB aralygyndaky ýat kartlary (SD) hödürlenýär.

«Sumbar Computer» dükanynda dürli görnüşli köpsanly kompýuter enjamlary bar: stasionar kompýuterlerden, noutbuklardan we periferiýa enjamlaryndan ofis enjamlaryna we esbaplaryna çenli. «Sumbar Computer» dükanynyň ähli önümleri kepillik we hyzmat bilen üpjün edilýär.

Mundan başga-da, «Sumbar Computer» dükany paýtagtymyz Aşgabadyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň islendik sebitlerine harytlary poçta arkaly öýme-öý eltip berme hyzmatyny amala aşyrýar. «Sumbar Computer» dükanyndan satyn alnan harytlaryň tölegi nagt ýa-da bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde, şeýle hem geçirme (перечислением) ýa-da poçta sargytlary bilen kabul edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň