Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan täze kanunlar kabul edildi

23:0804.12.2021
0
6278
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan täze kanunlar kabul edildi

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Maslahatda deputatlaryň garamagyna «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda», «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Kanunlaryň hem-de hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi.

Deputatlar aýry-aýry adamlara durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän «Durmuş hyzmatlary hakynda» Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyldy.

Täze Kanunyň taslamasynda durmuş hyzmaty düşünjesine kesgitleme berilýär hem-de mazmuny açylyp görkezilýär. Ol aýry-aýry adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, öz şahsy isleglerini özbaşdak üpjün etmek mümkinçiligini giňeltmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleri hem-de hereketleri göz öňünde tutýar.

«Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Kanunyň taslamasy ara alyp maslahatlaşylanda hem gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Deputatlar bu Kanunyň taslamasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hem-de olara garşy göreşmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýändigini hem-de halkymyzyň saglygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan oňyn şertleri üpjün etmäge ýardam berjekdigini nygtadylar.

«Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi. Ol aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, aw serişdelerini dikeltmek hem-de durnukly peýdalanmak babatdaky işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, bu ulgamda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

«Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň