Geçen hepde TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy

22:5005.12.2021
0
3886

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz, şeýle hem el halylary Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 853 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 11 müň manatlykdan gowrak «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň