Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň maýa goýum gaznasy «Unilever» kompaniýasynyň «Lipton» we «Brooke Bond» markalaryny satyn alýar

17:3702.12.2021
0
818

Beýik Britaniýanyň «CVC Capital Partners» maýa goýum gaznasy çaýyň «Lipton» we «BrookeBond» brendlerini satyn almak boýunça «Unilever» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. «FinancialTimes» gazetiniň habaryna görä, geleşigiň bahasy 4,5 milliard ýewro (ABŞ-nyň 5,1 milliard dollary) barabar bolar.

Şeýle-de «Lipton» we «Brooke Bond» markalaryna Amerikanyň «Advent» we «Carlyle» maýa goýum gaznalarynyň hem dalaş edendikleri bellenilýär. Ylalaşygyň öňýany «Unilever» bu bölümçesini ýylda 2 milliard ýewro (ABŞ-nyň 2,2 milliard dollary) girdeji berýän özbaşdak «Ekaterra» kompaniýasyna bölüpdi.

«FinancialTimes» gazeti «Unilever» kompaniýasynyň ýylda,takmynan, 1 milliard ýewro (ABŞ-nyň 1,1 milliard dollary) girdeji getirýän birnäçe çaý brendlerini öz çäginde alyp galandygyny hem habar berýär.

Beýik Britaniýanyň «CVC Capital Partners» maýa goýum gaznasynyň çaýyň «Lipton» we «BrookeBond» brendlerini satyn almaklyk üçin «Unilever» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdygy baradaky habar «Biznes Reklama» gazetiniň 2021-nji ýylyň 29-njy noýabryndaky sanynyň 12-nji sahypasyna neşir edilen «Maýa goýum gaznasy «Lipton» we «Brooke Bond» markalaryny satyn alýar» atly makalada beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň