Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistan Sport” teleýaýlymy Saud Arabystanynda geçiriljek Gran-Pri ýaryşyny göni ýaýlymda görkezer

12:0801.12.2021
0
5723

3-nji dekabrdan 5-nji dekabr aralygynda täze Jidda-Korniş ýolunda 2021-nji ýylyň “Formula 1” möwsüminiň 21-nji hem-de ahyrkydan öňki tapgyrlary bolar.

Saud Arabystanynyň Gran Prisi Jidda şäherinde geçirilýär. Bu tapgyr Formula 1-iň taryhynda Singapurdan soň ikinji gezek gije geçirilýän Gran Pri bolar.

“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Gran Priniň ýaryşlarynyň görkezilýändigini bellemek gerek. Bu iri ýaryşyň göni ýaýlymy 5-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 22:30-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň