Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi

18:3328.11.2021
0
8277
Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi

Şu gün — 28-nji noýabrda - Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi.

Nobatdaky Sammite YHG-nyň agza-ýurtlarynyň, hususan-da Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Döwlet hem-de Hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Mejlisiň öňüsyrasynda YHG-na gatnaşyjy-ýurtlaryň Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.

YHG-nyň 15-nji Sammitini açmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 14-nji Sammitiniň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana söz berdi.

Soňra YHG-nyň mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini YHG-nyň 15-nji Sammitiniň Başlyklygyna saýladylar.

Sammitiň barşynda çykyş edip, Türkmenistanyň Baştutany ýurduň Gurama başlyk etmeginiň çäklerinde öňe süren hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi we türkmen tarapynyň bu forumyň geçirilmegini oňa gatnaşýan-ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çäre hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň YHG bilen gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýedigini aýdyp, Türkmen döwletiniň Baştutany Guramanyň agza-döwletleriniň her biri bilen aýratynlykda alnyp barylýan dostlukly, hoşniýetli goňşuççylyk gatnaşyklarynyň hem netijeli ösdürilýändigini nygtady.

Forumyň barşynda çykyş eden YHG-na gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de YHG-nyň Baş sekretary bu Sammitiň Guramanyň giňişliginde alnyp barylýan sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan derwaýys ugurlary boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilmegine itergi beren netijeli meýdança bolandygyny belläp geçdiler.

Häzirki wagtda Guramanyň çäklerinde agza-ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürilmegi maksady bilen, köpugurly sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şonuň ýaly-da söwda, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, energetika, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky önjeýli özara hereketleriň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikler döredilendir.

Mälim bolşy ýaly, bu günki günde YHG özbaşyna hormatlanýan, abraýly halkara ykdysady düzüm bolmak bilen, dünýäde giň ykrarnama eýe bolandyr we nobatdaky duşuşyk onuň agza-döwletleriniň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has hem ösdürmäge, geljekki döwür üçin bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

YHG-nyň 15-nji Sammitiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Soňra YHG-nyň baýraklaryny gowurmak dabarasy geçirildi, onuň dowamynda Guramanyň agza-döwletleriniň wekilleri «ylym we tehnika», «ykdysadyýet», «taryh, medeniýet we şekillendiriş sungaty» hem-de «oba hojalygy we daşky gurşaw» ugurlary boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň