Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow şu gün, 28-nji noýabrda iş sapary bilen Türkmenistana gedli. Gyrgyz Lideri saparyň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitine gatnaşar.
Döwlet Baştutanlarynyň YHG giňişliginde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň derwaýys we möhüm meseleleri barada pikir alyşmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň Guramada başlyklygynyň netijeleriniň jemlemegine garaşylýar.
Gyrgyz wekiliýetiniň düzüminde daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Prezident administrasiýasynyň Daşary syýasat bölüminiň başlygy Ženbek Kulubaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talant Soltanow, ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew, Gyrgyzystanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky hemişelik wekili, Gyrgyzystanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Turdakun Sydykow bar.