Soňky habarlar

Arhiw

Tormoz disklerini abatlamagyň howpsuzlygy kepillendirişi

13:0727.11.2021
0
1585

Tormoz ulgamy siziň awtoulagyňyzyň dolandyryşynyň we howpsuzlygynyň esasy bolup, onuň işindäki ýüze çykýan näsazlyklary aradan aýyrmakda zerur bolup durýar. Awtoulaglaryň geçýän ýolunyň artmagy netijesinde tormoz kolodkalaryň yzygiderli diskler bilen sürtülmesi öz täsirini ýetiryär, ýagny tormoz diskiniň ýüzüni gyrýar. Bu bolsa awtoulagyň islendik tizlikde tormoza basylanda ulagyň titremegine we awtosürüjiniň rahatsyzlygyna sebäp bolup bilýär. Bu ýagdaý awtoulagyň dolandyryş ulgamyna (hodowoýyna) hem erbet täsir edýär.

Şeýlelikde, sürüjiler awtoulaglarynyň tormoz disklerini käwagt amatly bolmadyk bahadan täzelemeli bolýarlar. Diski ulanar ýaly derejede gurat ýagdaýa getirmegiň has amatly ýoly hem bar. Bu ugurda “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän serwisleri tormoz diskleriniň ulanylyş möhletini artdyrmak üçin bejeriş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýän ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilendir.

Dükanlardan satyn alnan harydyň ýa-da peýdalanylan hyzmatyň tölegini nagt däl görnüşde, şeýle-de dükanyň ýörite “Awtoýoly” ball karty arkaly hem töläp bolýandygyny bellemek gerek. Diski täzelemek baradaky karara gelmezden öň, olary göneltmek üçin biziň dükanlarymyz ýaly ýokary hilli hyzmat edýän awtoserwislere barmak ýeterlikdir.

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň salgylary:

Aşgabat şäherinde:

Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi jaý 78. +99312 75-40-09;
Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi, +99312 45-48-16;
“Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi, +99312 46-91-02;
1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady.

Welaýatlarda:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi, +993 322 6-19-19;
Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) köçesi 54, +993 422 2-97 01;
Mary welaýaty, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi +993 522 5-69-82.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň