Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlaryň hünärmenleri tomus paslynda awtoulaglaryn akkumulýator idegi barada berýän maslahatlary

15:0914.07.2021
0
7790

Tomus paslynyň aşa gyzgyn howasy awtoulaglar üçin hem özboluşly bir synag bolup durýar. Beýle yssy howada awtoulagyň möhüm bölegi bolan akkumulýatora uly agram düşýär. Akkumulýatorlar, awtoulagyň işlemegi üçin diýseň möhümdir, sebäbi ähli awtoulagyn elektronikasynyň kadaly işlemegine jogapkär bolup durýar.

Akkumulýatorlaryň ömrüni uzaltmak üçin olara nädip ideg etmeli?

  1. Akkumulýator we klemmalar gowy berkidilen ýagdaýda bolmaly.
  2. Klemmalar okislenen ýagdaýynda, ammiak we naždak kagyzy bilen arassalanmaly.
  3. Akkumulýatoryň göwresini arassa saklamaly, benziniň, ýaglaryň, dizel ýangyjynyň we beýleki pos emele getiriji suwuklyklaryň onuň bilen galtaşmazlygyna üns bermeli.
  4. Awtoulagyň generatorynyň tok berijiligine gözegçilik edilmeli, bellenen derejeden peselmezligi üçin hünärmenlere yüz tutmaly.
  5. Akkumulýatorlary passiw ýagdaýda uzak wagtlap saklamazlyga üns bermeli.

«Awtoýoly» nyşanyny göterýän dükanlaryň hyzmat ediş we söwda nokatlary tejribeli hünärmenleriniň toplan tejribesi bilen awtoulag sürüjilerine dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden akkumulýatorlary we ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär. Kärhananyň hünärmenleri akkumulýatoryň islendik görnüşini doly barlagdan geçirerler we zerur bolan halatynda, arassalamak, zarýad bermek, doldurmak we beýleki iş görnüşleri ýaly oňa tehniki idegleri hem bererler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň