Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dagystanly şahyryň Garagum derýasy baradaky goşgusy türkmen metbugatynda çap edildi

13:4526.11.2021
0
2005

Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasynda ýaşaýan, dokuz onlugy arka atan şahyr Sažidin Saidgasanow Garagum derýasynyň gurluşygy baradaky ýatlama goşgusy bilen «Türkmenistan» gazetiniň şu günki ― 26-njy noýabryndaky sanynda çykyş etdi. Goşgynyň tertjimeçisi Orazmyrat Myradow bu barada şeýle ýazýar:

«Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasyndan bir goja şahyr — Sažidin Saidgasanow internet arkaly meniň bilen habarlaşdy. Onuň maňa hat ýollamagyna sebäp bolan ýagdaý Türkmenistana bolan söýgüsi eken. Gürrüňinden çen tutsaň, häzir ol togsan ýaşyny dolduryberen bolmaly, çünki ol Garagum kanalynyň gurluşygyna gatnaşandygyny aýtdy. Onuň bu habarynyň özümi gyzyklandyrandygyny aňansoň, has anyk gürrüňe geçdi — öýünden çykyşyndan ýol söküp, ýurdumyza gelşini, bu ýerde ýörite bilim alyp, ekskawatorçy bolup işleýşini... birin-birin gürrüň berdi. «Näçenji ýyllardy?» diýen sowalyma, zähmet depderçesine seredip, anyk aýtjakdygyny duýdurdy. Soňra 1959 — 61-nji ýyllardadygyny habar berdi. Men ol goja şahyra bularyň baryny bir gowy hekaýa siňdirse, hezil edip okajakdygymy aýtdym. Ol söz berdi, sözünde-de durdy, ýöne hekaýa däl-de, edil Garagum kanaly ýaly uzalyp gidýän şygyr ýazypdyr. Ol muny okap görüp, terjime etmegimi haýyş etdi. Özümde-de bu pikir döräpdi, ýöne başardaýjagyna o diýen bir ynamym bolmansoň, biraz ýaýdanypdym. Herhal, Sažidin aganyň haýyşyndan soň, terjimä synanyşmagy müwessa bilip, ondan rus dilindäki sözme-söz terjimesinden başga-da şygryň asyl nusgasyny — lezgin dilindäkisini hem ugratmagyny soradym. Başardygymdan terjime etdim. Ol sagbolsun aýtdy, şeýle-de diňe ýekeje bellik etdi — şygryň sözbaşysyndaky harplaryň hemmesini baş harplar bilen ýazmagy tabşyrdy. Men şeýle-de etdim».

Bu goşgyny «Turkmenportalyň» okyjylary bilen hem paýlaşýarys:

GARAGUM DERÝASY

Komsomol biledin salyp kisäme,
Ýany bilen alyp ýene ýüz manat,
Kartadan tanaýan ýurdum idäbem,
Ýola çykdym köňül arzuwma tarap.

Aşaga — Staldan Bakuwa çenli,
Soň goja Hazaryň geçip üstünden,
Deňziň şor suwuna bakyp niçeler,
Gyzylsuw şährine baryp düşdüm men.

Soňra otla münüp, ugradym Mara,
Gije baryp ýetdim, onsoň ulagda
Daňdan bardym 65-lik duralga,
Tanyş söz eşdildi meniň gulagma.

Işçileň içinden Seýfudin atly
Bir lezgin ýigidi sorady halym.
— Nädip düşdüň bärik, haýsy ýel atdy?
Asyl, aklyň, kelläň nirede galdy?

Näme hünäriň bar, ne iş başarýaň?
— Iki elden özge ýokdur hünärim.
— Elleriň bilen, dost, çörekden başga
Zat tapyp biljegiň juda gümana,

Maryda mekdep bar, ýörite dersler —
Hünär öwredýärler, oka, git-de sen.
Okap, hünär alyp, ökdeläp gelseň,
Günüň bolmaz asla ýetde-gütde soň...

Dolanyp geldim-de, ýaňadan Mara,
Ýörite mekdebiň bardym işigne...
Altynsow çöllüge uzakdan garap,
Ýaýdandymam başym goşan işimden.

Hudaý diýen ýerim bar eken, hernä,
Duşdum ýagşylara Türkmenistanda.
Ekezlenip, göwnüm gubara bermän,
Hünär öwrenmegi ýürekde besläp,

Gazy gazýan äpet döw ýaly demre
Erk etmegi özleşdirdim birkemsiz.
Daşyndan maý tapyp, gurnaklarda men
Tans oýnadym joşup-joşup lezginçe.

Dersi geçip, aldym hat-petek ele,
Wagty geldi, ynha, garaşyň, barýan.
Arzuwym hut sende zähmet çekmek meň,
Garagum kanaly, Garagum derýa!

Aňňat-aňňat depeleriň içinden
Süýnüp barýar ýakymly suw guşagy.
Depämden-ä Günüň tygy geçerli,
Çäge-de ýatladýar gorly duşagy.

Işde endişe-de bolandyr, dogry,
Gop berdiler şonda adamlar maňa.
Häsýetim özgerdi gowluga sary,
Gussam hem öwrüldi şadyýanlyga.

Zähmetiň gadyryn bildim mazaly,
Muny sapak berdi gyzgyn çägelik.
Halypam öwretdi dost gazanmagy,
Aklyma goşuldy köp-köp täzelik.

Wagtal-wagtal gelip Maryň merkezne,
Dynç aldyk eýeläp çaýhanaň böwrün.
Ýatdyr onsoň argynlygam, derdiňem,
Durmuş ajaýypdyr, giňişdir göwnüň.

Öwrendim türkmeniň milli adatyn,
Myhmanparazlygy, adam gymmatyn.
Bir maşgala döndi milletleň bary,
Maňa sapak boldy, taplandym gaty.

Üsti çäge, asty altyndan doly,
Türkmenistan — meň ikinji Watanym.
Dagystandan juda alysda ýaly,
Ýöne şol ýurt durmuşyma ataran.

Garagum derýasy — deňiz deý gomly,
Çöli bag-bakjaly dünýä öwürdi.
Tans oýnasym gelip, men ýeňil gopdum,
Aýdym aýtmak, şygyr düzmek döwrüdi.

Togsany dolduryp, ýatlaýan şindem
Teke bazaryn hem Mary şährini.
Dostumyň öýünde palaw bişirnip
Oturşymyz, nygmatlary, mährini.

Türkmen doganlarma alysdan salam,
Sag bol diýýän saňa tüýs ýürekden men.
Maňa hünär berdi, adam çykdym men,
Ikinji Watanym — Türkmenistan sen!

Bu goşgyny şahyr Sažidin ýazan,
Magtymgulyň gaýybana şägirdi.
Dostluk syryn baky kalbyma salan,
Türkmenistan, Alla ýalkasyn seni,
Deňsiz-taýsyz Ägirdim!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň