Arhiw

“On dogan” hususy kärhanasy gök we bakja önümleriniň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

10:5626.11.2021
0
8089

Oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan “On dogan” hususy kärhanasy gök we bakja önümleriniň önümçiligini artdyrmak maksady bilen, birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Täze Durmuş” daýhan birleşiginde häzirki wagtda ýyladyşhana toplumynyň hem-de gök-bakja önümlerini saklamak üçin niýetlenen ammarlaryň gurluşygy dowam edýär.

Önümleriň ýetişdirilmeginde olara awtomatik usulda ideg etmek we suwarmak, yşyklandyryş derejesine, temperaturasyna we çyglylygyň kadalaşdyrylmagyna gözegçilik etmek üçin ýyladyşhanalarda döwrebap enjamlary oturtmak meýilleşdirilýär.

“On dogan” hususy kärhanasynyň Türkmenistanyň içerki bazarlaryny täze hem-de ekologiýa taýdan arassa miwe we gök önümleri bilen üpjün etmekde iş alyp barýandygyny ýatlap geçmek bolar. “On dogan” karhanasynda öndürilýän bu önümlere daşary ýurtlaryň hem birnäçesinde uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda kärhana Gazagystan, Täjigistan we Türkiýe ýaly ýurtlara önümlerini eksport edýär. Eksport daşamalary bolsa yzygiderli artýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň