«Şypaly Çomuç» öňdebaryjy derman kärhanalaryndan witamin we mineral önümlerini hödürleýär

09:4025.11.2021
0
5217

«Şypaly Çomuç» dermanhanasy metabolizmi (bedende madda çalşygyny) kadalaşdyrmaklyk we özüňi duýuş ýagdaýyňy gowulandyrmaklyk üçin niýetlenilen witamin we mineral önümleriniň köpsanly sanawyny hödürleýär.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasynda bejeriş we öňüni alyş maksady üçin niýetleriniň dürli görnüşli witaminleriň we minerallaryň giň toplumy bar. Bu ýerde ýokary hünär derjesi bolan tejribeli dermanhanaçylar müşderä derman önüminiň işjeň düzümi, öndürijisi we haryt nyşany babatda dogry derman saýlamaga kömek edýär.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasy 1998-nji ýylda döredilipdi we şondan bäri ilatyň ynamyndan peýdalanyp üstünlikli işleýär. Bu dermanhananyň tapawutly aýratynlygy, müşderä satyn alnan derman önümleri barada degerli maslahat berip bilýän tejribeli hünärmenleriniň barlygyndadyr.

5000-den gowrak derman önümi bolan «Şypaly Çomuç» dermanhanasy ynsan saglygy üçin zerur bolan derman serişdeleriniň dürli görnüşlerini satyn almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem müşderiler «Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň lalezar-apteka.com.tm web sahypasyna girip, özlerine zerur bolan dermanlary sargyt edip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň