Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda zenan telekeçiler üçin niýetlenilen «Russiýa bilen işewür hyzmatdaşlygy döretmeklik hem-de ösdürmeklik» atly hünär okuwy geçiriler

10:0524.11.2021
0
6265

2-nji dekabrda, sagat 14:00-dan 18:00-a çenli, «MCT Agency» konsalting kompaniýasy bilen Aşgabatdaky rus öýüniň bilelikde guramagynda zenan telekeçiler üçin niýetlenilen «Russiýa bilen işewür hyzmatdaşlygy döretmeklik hem-de ösdürmeklik» atly hünär okuwy (seminar) geçiriler. Bu barada ashgabat.in web sahypasy habar berýär.

Türkmen paýtagtynda geçiriljek «Russiýa bilen işewür hyzmatdaşlygy döretmeklik hem-de ösdürmeklik» atly hünär okuwyna (seminara) ýurdumyzyň höwesjeň zenan telekeçileri, şeýle hem kiçi we orta hususy kärhanalaryň zenan ýolbaşçylary gatnaşmaga çagyrylýar. Bu çärä gatnaşmaklyk muzdsuzdyr (tölegsizdir).

Aşgabatda geçiriljek «Russiýa bilen işewür hyzmatdaşlygy döretmeklik hem-de ösdürmeklik» atly hünär okuwynyň (seminaryň) maksatnamasy şu aşakdaky temalary öz içine alýar:

• Telekeçilik işine nädip başlamaly;
• Rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak;
• Işewürlik hyzmatdaşlygynyň düzgünleri we kadalary;
• Arkalaşyp meýinamalaşdyrmak endikleri.

Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek «Russiýa bilen işewür hyzmatdaşlygy döretmeklik hem-de ösdürmeklik» atly hünär okuwyna (seminara) Russiýanyň telekeçiligi goldaýan guramalarynyň biriniň wekilleri gatnaşar we olara döwrebap mowzuklar boýunça soraglar berilip bilner.

«Russiýa bilen işewür hyzmatdaşlygy döretmeklik hem-de ösdürmeklik» atly hünär okuwyna (seminara) ýazylmaklyk üçin +99361130929 (Aýlar) telefon belgisine jaň edip ýa-da aylar.dadayeva@mctagency.com elektron salgysyna hat ýazyp ýüz tutmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň