“BTS” “American Music Awards-yň” baş baýragyna mynasyp boldy

16:2622.11.2021
0
4625

Düýn Los Anjelesiň “Microsoft” teatrynda “American Music Awards-yň” 49-njy baýrak gowşuryş dabarasy geçirilip, onda ýeňijiler yglan edildi. Dabarada “Ýylyň artisti” diýen baýraga Ariana Grande, Dreýk, Oliwiýa Rodrigo, Teýlor Swift we The Weeknd ýaly aýdymçylardan tapawutlanan Günorta Koreýanyň “BTS” topary eýe boldy. Mundan başga-da, “BTS” “Iň gowy pop topary” diýlip saýlanyldy we olaryň “Butter” aýdymy “Ýylyň iň gowy aýdymy” diýen ugurda ýeňiji hasaplandy.

Ed Şeran iň gowy aýdymçy diýlip kesgitlendi, zenanlaryň arasynda bolsa Teýlor Swift iň gowy zenan aýdymçy diýlip yglan edildi. Şol bir wagtyň özünde aýdymçynyň “Evermore” atly albomy “Ýylyň iň gowy albomy” diýen ugurda ýeňiji boldy. “Коммерсантъ” neşiriniň habar bermegine görä, “BTS” K-pop topary ýakynda geçen MTV Europe Music Awards bäsleşiginde “Iň gowy topar”, “Iň gowy pop ýerine ýetiriji”, “Iň gowy K-pop ýerine ýetirijisi” we “Iň wepaly janköýerler” diýen baýraklara eýe bolmak bilen, iň köp baýraga mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň