Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy

23:5421.11.2021
0
5463

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

«Türkmengaz» döwlet konsernine degişli kärhanalarda öndürilen tehniki kükürt we suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 134 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri el halylaryny we ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 82 müň manatdan hem geçdi.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 9 million 315 müň manatdan gowrak bolan «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen kondisiýasyz polietileni, şeýle hem el halylaryny, PET gaplaýjy lentalaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň