Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň milli nusgasy işlenip taýýarlanyldy

14:2715.11.2021
0
9251

Durnukly ösüş maksatlarynyň maglumatlaryny ýygnamak we ýaýratmak üçin Türkmenistanyň milli nysgasyny döretmek işi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma” taslamasynyň çäginde tamamlandy.

Milli nusganyň esasynda Türkmenistan tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileriniň sanawy durýar. DÖM-iň hasabatlylygy üçin milli nusga we işlenip düzülen köpugurly programma üpjünçiligi BMGÖM-iň press-relizinde habar berlişine görä, ýurduň gazananlaryny, metamaglumatlary, diagrammalary, grafikleri we bölüniş derejelerini beýan edýän slaýderleri özünde jemleýän jikme-jik maglumatlary öz içine alýar.

Durnukly ösüş maksatlary barada statistik hasabatlylyk üçin milli platforma döretmek we durmuşa geçirmek, maglumatlara gözegçilik etmek hem-de ýurtda DÖM ýetmekde öňegidişligi meýilleşdirmek we yzarlamak, halkara hasabat borçnamalaryny ýerine ýetirmek, DÖM-e ýetmek barada milli hasabatlary taýýarlamak üçin ulgam gurmaga gönükdirilip, köp sanly ulanyjylar üçin, şol sanda döwlet edaralary, hususy eýeçilik, şeýle-de jemgyýetçilik guramalaryna elýeterli bolar.

Bu bolsa öz gezeginde DÖM-niň maglumat akymlaryna gözegçilik etmek üçin teklipleri işläp düzmek işine goşmaça itergi berer we Türkmenistanyň milli statistika kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň