13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen Hazaryň türkmen kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna bardy. Bu ýerde türkmen Lideri egindeşleri bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň dürli künjeginde döwrebap sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Sagdyn bedenli ýaşlary ýuze çykarmak mksady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Bu bolsa ýurtda sporta berilýän ünsdir aladanyň has-da ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe we ýokary netijeli sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär.
Munuň özi türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, saglygynyň berkidilmegini esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň özenini düzýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Bu bolsa halkara ähmiýetli ýaryşlaryna gatnaşyp, abraý gazanýan türkmen türgenleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki derejesi barha belende galýar.