Şu gün — 14-nji noýabrda Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ol daýhanlaryň gaýratly zähmetleriniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň özboluşly nyşanydyr. Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy dabaralaryň merkezine öwrüldi, onuň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabadyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar bar.
2021-nji ýyl Türkmenistanda «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny ýerine ýetiren türkmen gallaçylary hem ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hasyl ussatlarynyň şanly zähmetiniň hormatyna obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitleriň, şeýle-de oba hojalyk ugrunda iş alyp barýan telekeçileriň ýetişdirýän önümleriniň sergisi guraldy. Pudak edaralarynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň taýýarlan sergi diwarlyklarynda pagtaçylyk, pagtany gaýtadan işlemek, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylygyň, azyk we dokma senagatynyň önümleriniň nusgalary, tohumlaryň naýbaşy sortlary, öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalarynyň görnüşleri görkezildi.
Baýramçylyk dabarasynda ýerleşdirilen ak öýleriň öňünde Türkmenistanyň welaýatlarynyň sungat ussatlaryny hersi öz welaýatlaryna degişli bolan milli däpler, aýdym-sazlar boýunça çykyş etdiler. Bu bolsa dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.
Belläp geçsek, Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 13-nji noýabrda Aşgabatdaky «Mekan köşgünde» ýurduň öňdebaryjy kärendeçileri, pagtaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we obasenagat toplumynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan beýleki ekerançy hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy.
Sergide görkezilen önümler bilrn şu salgydaky fotoreportaždan tanşyp bilersiňiz.