“Türkmenportal” häzirki wagtda çalt depginde ösýän kompaniýadyr. Biz her gün gözýetimimizi giňeltmek bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täze giňişliklerini we tehnologiýalaryny özleşdirýäris. Geljegi uly taslamalar babatda täze pikirler ýola goýulýar, hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär we özboluşly mümkinçilikler peýda bolýar.
Şunuň bilen baglylykda, dostlukly iş alyp barýan toparymyza täze hünärmenleriň işe kabul edilýändigini habar berýäris.
• Kontent-menejer
• Satuw boýunça menejer
• Satuw we marketing boýunça direktor
• SMM-menejer
• “Türkmenportal” saýtyndaky wideogepleşikleriň alyp baryjysy
• Wideomontažçy
• Grafik dizaýner
• Tehniki goldaw hünärmeni
• UX/UI dizaýner
• Žurnalist
• Korrektor
• Ssenarist
• Terjimeçi
• IT taslamalaryň menejeri
• Programmist
• Digital-mahabat toparynyň ýolbaşçysy
• Habarlar gullugynyň ýolbaşçysy
Görkezilen her boş iş ornunyň salgysyna basyp, degişli iş wezipesiniň häsiýetnamasy we maglumatlary bilen tanşyp bilersiňiz.
Rezýumeňizi mowzukda wezipäniň adyny görkezip vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň.
Rezýumede hökmany görkezilmeli maglumatlar:
- Öz hünär işiňiz baradaky maglumatlary taslamalara (portfolio) salgylanmak bilen ýerleşdiriň;
- Portfoliosyz rezýume göz öňüne tutulmaýar;
- Rezýume berýän wezipäňizde bize nähili ýardam berip biljekdigiňizi beýan ediň.
Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.