Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy

23:3007.11.2021
0
5326

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine jins matalary, nah ýüplük, float aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 474 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 21 million 525 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 408 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumyny, el haly işlerini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň