Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň günortasynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar Oks siwilizasiýasynyň ýerleşen ýerini görkezýär

11:5207.11.2021
0
24350

Nplus1.ru web saýtynyň habar bermegine görä, arheologlar tarapyndan Türkmenistanyň günortasyndaky Berdisyçran depe ýadygärliginde geçirilen gözlegde ýüze çykarylan köp sanly tapyndylar bu ýerde Oks siwilizasiýasynyň bolandygyny görkezýär.

Warşawa uniwersitetinden Nazariý Bulawka Polşanyň alymlary bilen bilelikde 15 gektar meýdanda gözleg işlerini geçirdi we orta hem-de giçki bürünç asyrynda (takmynan 2250-1700-nji ýyllar), hatda ondan hem öňräkki döwürlerde Tejen derýasynyň jülgesinde bir şäherçäniň bolandygyny mälim etdi.

Ylmy gözlegçiler dürli ululykdaky iki depäni gözden geçirip, 261 sany tapyndynyň üstüni açdylar. Tapyndylaryň içinde küýze bölekleri, palçykdan ýasalan heýkeljik, alebaster gämileriniň bölekleri we uly zeper ýeten bürünç önümler, şeýle hem daş gurallary bar. Tipologiki derňew önümleriň orta bürünç (Namazga V, takmynan, 2250-1900-nji ýyllar), giçki bürünç (Namazga VI, takmynan, 1900-1700-nji ýyllar) we takmynan bürünç asyrynyň soňky tapgyryna (takmynan, 1700 –1500-nji ýyllar) degişlidigini görkezdi.

Tapyndylar, aýratynam keramika önümleri arheologlara bu depeleriň Baktriýa-Margiana arheologiki toplumynyň möhüm ýeri diýen netijä gelmäge mümkinçilik berdi.

Berdisyçran depedäki gazuw-agtaryş işleri Baktriýa-Margiana arheologiki toplumynyň kartinasyny üýtgedip, bu Tejen derýasynyň aşaky akymlarynyň jülgesiniň hem öz çäginiň bir bölegidigini görkezýär.

Alymlaryň pikiriçe, bu sebitde geçiriljek gözlegler Tejen derýasynyň oazislerindäki gadymy medeniýetiň ösüşine has gowy düşünmäge ýardam eder.

Gözlegleriň netijeleri Archaeological Research in Asia žurnalynda çap edildi.

Baktriýa-Margiana arheologiki toplumy Orta Aziýanyň günorta böleginde we Gündogar Eýranyň orta we giçki bürünç asyrynda (III asyryň ahyrynda - II müňýyllygyň başynda) Oks siwilizasiýasyny öz içine alýar.

Bu siwilizasiýanyň şäher medeniýetiniň ýadygärlikleri XX asyryň ikinji ýarymynda tapyldy. Bu sebitde senetçiligiň ýokary ösüşde bolandygyny tapylan keramika önümleri, gurallar we nagyşlar tassyklaýar. Gadymy möhürleri we beýleki tapyndylary öwrenmek alymlara Oks siwilizasiýasynda ýörite ýazuw ulgamynyň bolandygy bardaky pikiri öňe sürmäge mümkinçilik berdi.

Bu siwilizasiýanyň iň uly oturymly ýeri Goňurdepe — Murgap derýasynyň deltasy, bu ýerden köşk we başga-da birnäçe jemgyýetçilik hem däp-dessur desgalary tapyldy. XX asyryň ahyrynda bu ýerde uly mazarlyk tapyldy we alymlar ondan 10 ýylyň dowamynda üç müňe golaý mazary ýüze çykardylar. 2004 — 2009-njy ýyllarda bolsa ylmy gözlegçiler sungat predmetleri we gymmatbaha şaýlar bilen bezelen, ýerasty jaýlary bolan 8 sany şa mazaryny tapmagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň