Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş türkmen pianinoçy “Звуки дутара” festiwalynyň laureaty boldy

13:0306.11.2021
0
10913

29-njy oktýabr — 3-nji noýabr aralygynda Moskwada geçirilen Nury Halmämmedowyň adyny göterýän “Звуки дутара” atly altynjy halkara sungat festiwaly öz işini tamamlady we ýeňijilerini yglan etdi. Bu abraýly bäsleşigiň ýeňijilerinden biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýöriteleşdirilen aýdym-saz mekdebiniň talyby Aýnur Otuzowa boldy.

14 ýaşly okuwçy “Instrumental ýerine ýetiriş, fortepiano ” ugry boýunça II baýrakly orna eýe boldy. Aýnur bu festiwala wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Bu ugurda çäräni guraýjylar daşary ýurtlarda ýaşaýanlar üçin onlaýn wideo formatyny girizdiler.

Aýnur Otuzowany zehinli sazanda diýip atlandyryp bolar, ýöne aýdym-saz mekdebinde öz ugruňa yhlas etmezden beýle derejelere ýetmek hem mümkin däldir. Talyp 6 ýaşyndan mugallymy Jeýhun Babaýew bilen fortepiano öwrenip, aýdym-sazyň ýaş uçguny bolup döreýär.

Şu ýylyň tomsunda Aýnur Kazan şäherinde (Russiýa) geçirilen “Круговорот талантов” atly halkara festiwal-bäsleşiginde birinji orny eýeledi. Bäsleşige wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan ýaş pianinoçy ýeňiji bolmak bilen, 1-nji derejeli laureat diplomyny aldy.

2022-nji ýylda bolsa ýaş türkmen pianinoçy ýene iki ýaryşa — MAESTROSO halkara fortepiano ýaryşyna hem-de “Klassikadan häzirki döwre çenli” halkara aýdym-saz sungaty festiwalyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.

“Звуки дутара” halkara festiwaly 2015-nji ýyldan bäri geçirilýär. Mamed Guseýnow bu festiwaly ilkinji gezek kompozitor Nury Halmämmedowyň ýubileýine bagyşlap geçiripdi, soňlugy bilen bu çäre her ýylda geçirilýän “Звуки дутара” atly abraýly halkara sungat festiwalyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň