Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilaty azyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi

23:2004.11.2021
0
22082

Şu gün geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýew milletiň Liderine hasabat bilen çykyş edip, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny döretmekde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde, eksporta niýetlenen önümleriň mukdaryny we görnüşini artdyrmakda hem-de täze iş orunlaryny döretmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şu ýylyň dowamynda hususyýetçiler tarapyndan 9 müň 162 gektar meýdanda gök-bakja ekinlerini ekmek we ondan 174 müň 407,5 tonna hasyl almak, 13 müň 246 gektar meýdanda 70 müň 523 tonna miwe we üzüm ýetişdirmek işleri meýilleşdirildi. Mundan başga-da, 1 300 gektar meýdanda 5 110 tonna ýag alynýan ösümlikleri, 11 159 gektar meýdanda 51 müň 526,5 tonna mekgejöwen, 13 müň 930 gektarda 15 müň 846 tonna azyklyk dänäni ösdürip ýetişdirmek bellenilip, bu ugurda degişli işler geçirildi.

Şeýle hem häzirki döwürde birleşmäniň agzalaryna degişli umumy meýdany 530,54 gektara deň bolan ýyladyşhanalaryň 500 gektarynda 2021-2022-nji ýyllaryň ekiş möwsüminde pomidor ekilip, 85 müň tonna hasyla garaşylýandygy habar berildi. Ýetişdiriljek hasylyň köp bölegini eksporta ugratmak göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň dowamynda hususyýetçiler tarapyndan sowadyjy ammarlaryň onlarçasynyň gurlandygy, häzirki döwürde şolarda gök-bakja, miwe önümleriniň gorlarynyň döredilýändigi bellenildi. Şeýle hem telekeçilere döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde, ýurdumyzda täze önümçilikleriň geriminiň giňelýändigi habar berildi. Şoňa görä-de, täze önümleriň sany we görnüşleri barha artýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy işewürlik ulgamynyň pugta binýadynyň döredilendiginden peýdalanyp, halkymyzy özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň