Soňky habarlar

Arhiw

28 ýyl mundan öň türkmen manadynyň görnüşi nähilidi

16:0501.11.2021
0
36755

Şu gün türkmen manadynyň dolanyşyga girizilen günüdir. Türkmen döwletiniň milli walýutasy 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda resmi taýdan dolanyşyga girizilip, köpçülikleýin ulanylyp başlandy.

Döwlet walýutasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy halkara jemgyýetçiliginiň özygtyýarly we doly agzasy hökmünde döwletiň döredilmeginiň esasy şertlerinden biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ýola goýmakda möhüm ädim boldy. Ýyllaryň dowamynda manat sosial-ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmekde uly wezipäni ýerine ýetirdi.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ýurduň hökümetiniň denominasiýa geçirendigini, netijede hem häzirki wagtda 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manatlyk banknotlaryň ulanylýandygyny ýatlap geçmek bolar. Täze görnüşdäki 1 manat öňki nusganyň 5000 manadyna deňdir.

1993-nji ýyldaky şol bir belgili banknotlary üýtgedilen (häzirki) nusgalary bilen deňeşdirmegi teklip edýäris. Munuň üçin aşakdaky pul birlikleriniň görkezijisini süýşüriň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň