Soňky habarlar

Arhiw

“Nokia” her satyn alnan enjam üçin bag nahalyny oturdar

11:5501.11.2021
0
3325

Dünýä belli smartfonlary öndürýän “Nokia” kompaniýasy ulanyjylara satyn alnan her täze gajet üçin agaç nahalyny oturtjakdygyny mälim edýär. 4pda.to saýty “Nokia” kompaniýasynyň telekeçilik maksatly bolmadyk “Ecologi” guramasy bilen meýilleşdirýän “Let’s plant together” taslamasynyň esasynda 35 000 düýp nahal ekmegi göz öňüne tutýandygyny belleýär. Bu başlangyç XR20 berk smartfony, G we X tapgyrly kysymlaryna we täze T20 planşetine degişlidir.

Şeýlelikde, satylan her bir Nokia G50 üçin 10 agaç, Nokia X10, X20 ýa-da Nokia T20 enjamy üçin 20 agaç, Nokia XR20 smartfony üçin bolsa 50 agaç ekiler. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyna diňe Ýewropanyň ýaşaýjylary gatnaşyp biler we agaç nahallary Mozambikde ýa-da Madagaskarda oturdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň