Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp Kareliýada COVID-19 bilen kesellän hassalara kömek edýär

16:3430.10.2021
0
38679

Türkmenistanly Bossan Meretgeldiýewa Kareliýanyň demirgazygyndaky Kostomukşa şäheriniň № 1 hassahanasynyň lukmanlaryna kömek etmegi maksat edindi. Häzirki wagtda ol Petrozawodsk döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bäşinji ýyl talyby bolup bilim alýar. Onuň bilen birlikde şol ýokary okuw mekdebiň Zambiýaly talyby hem koronawirusa garşy göreşmek üçin Kostomukşa geldi. Bu barada okuw mekdebiniň web saýtynda habar berilýär.

“Häzirki kyn ýagdaýlarda kärdeşlerime ýardam etmek isleýändigim üçin Kostomukşa gitmegi maksat edindim” – diýip, Bossan belleýär.
Talyp gyz bu ýerde bejeriş bölüminde şepagat uýasy bolup işleýär, onuň wepizesine lukmançylyk maslahatlaryny bermek, näsaglara ideg etmek we olaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek degişli.

Onuň aýtmagyna görä, işiň özboluşly kynçylyklary ýüze çykýar. Emma kärdeşleriniň kömegi bilen oňa iş bilen öwrenişmek kyn düşmändir. Talyplar ýene iki hepdeden okuwlaryny dowam ederler.

“Uniwersitetde ajaýyp talyp durmuşymyz bar. Biziň gowy bilim berýän mugallymlarymyz, şeýle-de Russiýadan we dürli ýurtlardan köp sanly talyp dostlarymyz bar” – diýip, talyp gyz gürrüň berýär.

Bossan Kostomukşany oňat ýatlamalar bilen ýatlajakdygyny we mümkin boldugyndan bu ýere ýene-de gelmek isleýändigini aýdýar. Bu ýeriň owadan şäherdigini, onuň gowy raýatlarynyň bardygyny belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň