Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ferhar» hojalyk jemgyýeti synag hökmünde papaýa ösümligini ösdürip ýetişdirdi

14:2827.10.2021
0
8823

Türkmen teleýaýlymlarynyň «Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň «Ge­ňeş» daý­han birleşigi­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Ferhar» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek synag hökmünde papaýa ösümligini ösdürip ýetişdirdi.

Häzirki wagtda bu ösümligiň özüniň ilkinji hasyllaryny görkezip başlamagy hem ýyladyşhana işgärleriniň çeken asylly zähmetleriniň ýerine düşendiginden habar berýär. Tejribeli hünärmenler ýurdumyzyň toprak we howa şertlerine durnukly bolan papaýa ösümliginiň düýp sanyny geljekde has-da artdyrmagy meýilleşdirýärler.

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň «Ge­ňeş» daý­han bir­le­şi­gi­niň çäginde ýer­leş­ýän «Ferhar» hojalyk jemgyýetinde papaýa ýaly täsin (ekzotik) miweler üçin ýörite, uly göwrümli ýyladyşhana guruldy. Uly göwrümli bu ýyladyşhana hojalygy ýokary hili howa alyş-çalyş enjamlary, damjalaýyn, ýagyş we ümür görnüşli suwaryş hem-de ýylylyk ulgamlary bilen üpjün edilendir.

Papaýa ösümligi 5 metre çenli ulalýar. Ýylylyk, ýagtylyk we çyglylyk – bu täsin (ekzotik) ösümligiň rahat ösmegi üçin esasy maddalar bolup durýar.

Papaýa miwesini islendik görnüşde, hususan-da işdäaçarlara goşup ýa-da diňe desert (naharyň soňundan iýlip-içilýän miwe ýa-da süýji zat) hökmünde garbanmaklyk üçin ulanmaklyk örän peýdalydyr. Bişen papaýa miweleri fruktoza, glýukoza, E, D, A we C witaminleriniň çeşmesidir.

«Ferhar» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda banan pudagyny açan ilkinji hususy kärhanadyr. Öz işlerini Mary welaýatynyň Sakarçäge et­ra­by­nyň «Ge­ňeş» daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de alyp barýan bu hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri banan ýetişdirmeklik bilen meşgullanýar. «Ferhar» hojalyk jemgyýetinde bananyň ilkinji hasyly 2019-njy ýylyň mart aýynda alyndy. Häzirki wagtda bu hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda 2 müň töweregi banan nahallary bar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň