Soňky habarlar

Arhiw

Meredow we Eýranyň Prezidenti YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji ýokary derejeli duşuşygyna görülýän taýýarlyga ünsi çekdiler

22:0026.10.2021
0
4952
Meredow we Eýranyň Prezidenti YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji ýokary derejeli duşuşygyna görülýän taýýarlyga ünsi çekdiler

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Eýranda sapar bilen bolýan wekiliýetiniň ýolbaşçysy ― daşary işler ministri R.Meredow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi.

Gepleşikleriň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistan bilen Eýranyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigini belläp, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Sebit we halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljekde has hem işjeňleşdirilmegine bolan özara gyzyklanma beýan edildi. Bu ugurda taraplar Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň VI Sammitine hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji ýokary derejeli duşuşygyna görülýän taýýarlyklara aýratyn üns çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň