Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

22:2525.10.2021
0
7336

Türkmenistana döwlet saparynyň jemleýji gününde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy.

Bu ýerde Gazagystan Respublikasynyň Baştutany milli gahrymanlar — merdana Watan goragçylary baradaky hakydany ebedileşdiren “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy. Gazagystanyň Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Garaşsyzlyk binasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda goňşy döwletiň Baştutany mizemez türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Şol gün belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza gazak halkynyň adyndan dost-doganlygyň nyşany hökmünde Gazagystanda öndürilen awtobusy sowgat berdi.

Agşam hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.
Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistana döwlet saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň