Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy «Italiýanyň esasy senagat pudaklary» neşiri bilen tanyşdyrýar

11:0925.10.2021
0
7249

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz resmi saýtynda Daşary işler we Halkara Hyzmatdaşlyk ministrliginiň ýurduň esasy pudaklary baradaky “Excellence: Italian Main Industrial Sectors” atly täze neşirini çap edendigini habar berdi. Bu neşir Italiýanyň öňdebaryjy senagat pudaklaryna syn berýär.

Bu ikinji neşir bolup, infrastruktura we ulag ulgamyndan başlap, kosmetika önümçiligine çenli köp sanly pudaklary özünde jemleýär. Şeýle hem syýahatçylyk pudagynyň we ýurduň medeni mirasyny gorap saklamak baradaky maglumatlary beýan edýär. Bellenilişine laýyklykda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Italiýadaky 58 ýer girizilendir.

Bu kitapçada Italiýanyň oba hojalygynyň we senagatyň durnuklylygyndan tä innowasiýa we gözleg işlerine çenli gazanylan üstünlikleri bellenilip geçilýär.

Neşir bilen degişli salgy boýunça tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň