Döwlet hünär bilim edaralarynyň işini düzgünleşdirmek hem-de hünär biliminiň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama bilen, Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakyndaky Düzgünnama, Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnama, Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.