Arhiw

Türkmenistan bilen Gazagystan döwlet serhetleri barada täze şertnama gol çekişer

13:1120.10.2021
0
13426

Türkmenistan bilen Gazagystan döwlet serhetleri bilen bagly ikitaraplaýyn şertnama gol çekişmegi meýilleşdirýär. Bu barada Time.kz neşiri habar berdi.

Täze baglaşyljak şertnamanyň taslamasynda «Döwlet serhediniň iş tertibi iki döwlet tarapyndan hem goldanylýar. Şertnama döwletleriň ikisiniň hem kanunçylyk talaplaryna gabat gelýär» diýilýär.

Ylalaşyk şertnamasynyň taslamasyny düzüjileriň pikiriçe, «taslama iki ýurduň döwlet serhedinde durnuklylygy we serhetýaka sebitlerde asudalygy goramak, serhet meselelerini özara hormat, ynam, deňlik we dostluk ruhunda çözmek üçin işlenip düzüldi».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň