Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda howa meselesi boýunça utgaşdyryjy duşuşyk geçirildi

16:1719.10.2021
0
8736

Şu gün Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, hyzmatdaşlaryň onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu çäre BMGÖM we Türkmenistandaky Iňlis ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň daşky gurşawy we howany goramak boýunça taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki tagallalaryny goldamak bilen bagly gepleşikleriň dowamy hökmünde guraldy.

Duşuşykda şu ýylyň noýabr aýynda Glazgoda geçiriljek COP26 klimat sammitine taýýarlyklar barada maglumat berildi. Duşuşyga gatnaşanlar milli kesgitlenen goşandy (NDC) taýýarlamak işi bilen tanyşdyryldy we bu çäre howanyň üýtgemegi babatynda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek ugrundaky tagallalaryň çäginde ýurtdaky häzirki maksatnamalaýyn işler dogrusynda pikir alyşmakda özboluşly gurşawa öwrüldi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hökümetiniň wekilleri gatnaşyjylara Glazgo sammitine boljak sapara taýýarlyklary barada habar berdiler.

BMG-nyň hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilleri ýygnaga gatnaşyjylara BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasynda (COY16) hödürlenjek Türkmenistanyň ýaşlar başlangyçlarynyň gysgaça mazmuny barada bellediler. Bu gysgaça mazmun BMG-nyň Ofisi, Iňlis ilçihanasy we Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 8-nji oktýabrda Aşgabatda guralan Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ilkinji ýaşlar konferensiýasynyň çäginde işlenip düzüldi.

BMGÖM-iň metbugat beýanatynda bellenilişine görä, Howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlyk duşuşygy yzygiderli geçirilýär we Türkmenistana howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde möhüm goldaw bermek üçin ygtybarly utgaşdyryjy güýç bolup hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň