Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky walýuta amallarynyň bahasy 16 million ABŞ dollaryndan geçdi

22:2217.10.2021
0
5911

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu hepdäniniň dowamynda geçiren söwda amallarynda 9 sany geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, dürli kysymly awtoulaglar, float aýnasy, nah ýüplügi we bakja önümleri daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Bu önümleri satyn alýan ýurtlar: Beýik Britaniýa, BAE, Türkiýe, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy 15 million 937 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 1 million 800 müň manat bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Bir hepde mundan ozal Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky walýuta amallarynyň bahasy 27,3 million dollardan geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň