Türkmenistanda ilkinji gury ýük gämisiniň gurluşygyna badalga berler

23:0715.10.2021
0
17481

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gury ýük daşaýjy gämi gurlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hökümetiň 15-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berdi.

Kuwwatlylygy 5300 — 8100 tonna aralygynda bolan gury ýük daşaýjy gäminiň gurluşygyny Türkmenistanda halkara ýük daşamalaryna işjeň gatnaşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Hazar logistik» hususy kärhanasy alyp barar.

Mämmethan Çakyýewiň hasabatyna görä, gämi gurlanda, täze iş orunlary dörär hem-de Türkmenistanyň hünärmenleriniň bu ulgamda daşary ýurtlaryň önümçilik tejribesini öwrenmäge mümkinçilik dörär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow M.Çakyýewiň hasabatyny diňläp, Türkmenistan üçin düýbünden täze bolan bu önümçiligiň ýurdumyzyň gämi gurluşygyny ösdürmäge esas bolandygyny nygtady. Zawodyň tehnologik ugamy häzirki zaman tehnologiýalarynyň hem-de awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ulanylmagy bilen, deňiz gämilerine hyzmat etmek we olary abatlamak boýunça işler geçirmäge mümkinçilik berer.

Türkmen Lideri zawodyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň iň oňat tejribesini düýpli öwrenmek hem-de iş ýüzünde peýdalanmak boýunça zerur işleriň seljerilmelidigini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna dürli gämileriň çykarylmagyny ýola goýmak baradaky meseläni öwrenmegi, göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ýatlap geçsek, 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bilen birlikde onuň çäginde «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem açylyp ulanylmaga berlipdi. Zawodyň kuwwaty ýylda 4-6 gämini gurmaga we 10 müň tonna polat işlemäge mümkinçiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň