Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahaty we mejlisi geljek ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara hem-de içerki çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy mynasybetli, 2022-nji ýylyň iň oňat nyşanyny taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady ýylyň iň oňat nyşanyny taýýarlamakdan, Türkmenistanda ýylyň dowamynda geçirilýän dürli syýasy, baýramçylyk we medeni-köpçülik çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynda, aýratyn-da ýaş nesillerde ata Watana bolan buýsanjy we söýgini ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşige Türkmenistanyň suratkeşleri, dizaýnerleri, suratkeş mugallymlary we talyplary, okuwçy ýaşlary, şeýle hem höwesjeň adamlar gatnaşyp bilerler. Hödürlenilýän içler çeperçilik sungatynyň şu ugurlary boýunça ýerine ýetirilmelidir:
— Grafika-plakat işleri görnüşlerinde;
— Kompýuter grafikasy boýunça.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz döreden işlerini PSD we JPEG görnüşinde CD, DVD disklerde we beýleki elektron göterijilerde hödürläp bilerler. Olar bäsleşige hödürlenýän işleriniň ýanyna özleri hakynda maglumatlary gowşurmalydyrlar (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi).
Bäsleşige islendik ýaşdaky adamlar gatnaşyp bilerler we olaryň hödürleýän işleriniň sany çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenýän işler we olaryň awtorlary baradaky maglumatlar 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde hasaba alynýar.
Iň gowy diýlip hasap edilen işler jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere hödürlener.
- Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýolunyň 110-njy jaýy.
- Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 21-47-82.