Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini koronawirusa garşy bilelikde göreşmäge çagyrdy

19:5315.10.2021
0
7600

Häzirki şertlerde koronawirus pandemiýasyna garşy durmagyň hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirini azaltmagyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilelikdäki işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy öz-özünden düşnüklidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisinde aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri GDA-nyň döwletleriniň arasynda ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleri ugry boýunça umumy çemeleşmeleri we usullary işläp taýýarlamak üçin özara gatnaşyklaryň has netijeli gurallaryny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde beýan edilen başlangyçlaryna ünsi çekdi. Olaryň esasy mazmuny täze görnüşli koronawiruslaryň gelip çykyşynyň tebigatyny, şolaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga gönükdirilen täze köptaraply gurallary döretmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, GDA boýunça hyzmatdaşlary ýurdumyzyň bu tekliplerini goldamaga hem-de olary BMG-niň çäklerinde ilerletmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň