Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda korrupsiýanyň öňüni almakda netijeli göreşmek bilen bagly maslahat geçirildi

17:5815.10.2021
0
6165

“Türkmenistan: Altyn Asyr” internet saýtynyň habar bermegine görä, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy netijeli göreşmek boýunça iki günlük onlaýn okuw sapagyny geçirdi.

Bu çäre amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge we Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Bu onlaýn okuwa Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, hukuk goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, maliýe guramalarynyň we ýurduň beýleki degişli jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Onlaýn okuwa gatnaşanlar ÝHHG bilen hyzmatdaş döwletleriň döwrebap dolandyryş ýörelgelerini öňe sürmekde, şeýle hem jemgyýetçilik pudagynda aç-açanlygy we hasabatlylygy üpjün etmekde öňdebaryjy tejribesini tanyşdyran halkara derejeli bilermen-hünärmenleriň çykyşlaryny diňlediler.

Bütindünýä bankynyň barlaglarynyň esasynda korrupsiýanyň köklerini öwrenen gatnaşyjylar, onuň öňüni almak üçin täsirli mehanizmleri, ykdysady ösüşe we telekeçiligiň ösüşine täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de okuwyň dowamynda elektron korrupsiýanyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Aşgabatdaky ÝHHG merkeziniň başlygy Jon MakGregor onlaýn okuwyň açylyşynda eden çykyşynda:

“Korrupsiýa talabalaýyk dolandyryş, demokratik prosesler, ykdysady durnuklylyk we adalatly iş tejribesi üçin esasy howp bolup durýar” – diýip belläp geçdi.

Mundan başga-da, ol ÝHHG-niň degişli ulgamlar bilen bilelikde bu ugurda mundan beýläk hem syýasy gepleşikleri we bilim alyş-çalyşyny ösdürmek üçin yzygiderli iş alyp barýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň