Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň BSG agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi

20:2714.10.2021
0
8377

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar Hökümet toparynyň gün tertibiniň ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça 2021-2022-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasyny tassyklamaklyk baradaky meselä seredip geçdiler.

Şeýle hem Hökümet toparynyň agzalary 2021-nji ýylyň 30-njy noýabry 3-nji dekabry aralygynda Ženewada geçiriljek BSG-niň XII Ministrleriň maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň BSG-nyň işine synçy hökmünde gatnaşmagy boýunça meselesini jikme-jik öwrendiler.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň BSG-na doly hukukly agza bolmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen tassyklanylan 2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasynda göz öňünde tutulandygyny nygtady.

Mejlisiň ahyrynda gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu gurama bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly birnäçe ileri tutulýan meselelere garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň