Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan concept» dükany: «Harytlarymyzy Türkmenistanyň islendik ýerine eltip berýäris»

10:3914.10.2021
0
4042

Bag, howly we balkon üçin niýetlenilen mebel we esbaplar dükanlarynyň ulgamy bolan «Bossan concept» paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň arasynda köp ýyllardan bäri meşhurdyr.

Soňky üç ýylyň içinde 3 sany «Bossan concept» dükany açyldy. Bu ýerde elýeterli bahadan hödürlenýän döwrebap esbaplar diňe bir bagda ýa-da balkonda däl-de, eýsem ýaşaýyş jaýlarynyň içki otaglarynda hem rahatlyk we gözellik üçin niýetlenilendir.

«Bossan concept» dükany hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirýär we häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin niýetlenilen önümleriň köp görnüşi bar.

«Türkmenportalyň» habarçysy bu ýerde hödürlenýän hyzmatlar barada has giňişleýin maglumat almaklyk üçin «Bossan concept» dükanynyň müdiri Daýanç Konarow bilen söhbetdeş boldy.

– Siz öz satyn alyjylaryňyz üçin karz berýärsiňizmi?
– Karz berilýär, ýöne haryt satyn alnan güni onuň 50 göterimini tölemeklik we zerur resminamalary resmileşdirmeklik şerti bilen karz berilýär.
– Sizden sowgatlyk sertifikaty satyn almak mümkinmi?
– Elbetde, müşderileriň islegi boýunça islendik mukdarda satyn almak mümkin. Şol bir wagtyň özünde, adaty müşderilere 20 göterim arzanladyş kupon ( kupon - gymmat bahaly kagyzlaryň kesilip alynýan bölegi) berýäris.
– Siz aksiýany ýygy-ýygydan nähili ýagdaýda geçirýärsiňiz?
– Baýramçylyklarda harytlarymyzyň müşderileri üçin 20 göterimden 60 göterime çenli arzanladyş çäresini hödürleýäris. Her gezek dürli usullar bilen arzanladyş çäresi kesgitlenýär.
– Satyn alnan önümi yzyna gaýtaryp bolarmy? Bu nähili ýagdaýda amala aşyrylýar?
– Biziň işimizde, müşderiniň satyn alan harytlaryny yzyna gaýtarmak islegi öň hiç wagt bolmandy. Elbetde, müşderiler bilen hyzmatdaşlykda islendik zat bolup biler. Müşderi bizden satyn alan haýsydyr bir önümi halamaýan bolsa, onuň islegini kanagatlandyrmaga synanyşarys.Mysal üçin: Müşderi satyn alan önüminiň dizaýny bilen kanagatlanmasa, ol önümi başga bir önüme çalşyp bereris.
– Dükanyňyzdan önümleri başga şähere sargyt edip bilerinmi? Satyn alan önümim üçin tölegi nädip tölemeli?
– Elbetde! Harytlarymyzy ýurdumyzyň islendik ýerine eltip berýäris. Eltip berme hyzmaty ýörite ulag hususy kärhanalary tarapyndan amala aşyrylýar, töleg geçirim arkaly kabul edilýär.
– Mysal üçin, men sargydyň agşam gowşurylyşyny, sagat 20:00-dan soň meýilleşdirip bilerinmi?
– Biz häzir 24/7 meýilnamasynyň üstünde işleýäris. Bu meýilnama müşderilerimiziň rahatlygy üçin niýetlenilendir. Müşderilerimiz islän wagty haryt sargyt edip bilerler – irden, günortan, agşam – sargydy öz wagtynda gowşurarys. Çaparlarymyz (kurýerlerimiz) tölegleri bank kartlaryndan kabul edýärler.
– «Bossan concept» dükanynyň işi barada jikme-jik maglumat bereniňiz üçin köp sag boluň!
– Sagbol!

«Bossan concept» dükany bilen habarlaşmaklyk üçin maglumatlar:

• «Bossan concept» dükanynyň Instagram sahyplary: @bossan_concept; @bossan_flora; @bossan_outdoor_tm; @bossan_coffee_garden.
• «Bossan concept» dükanynyň telefon belgileri: 415554, 726060;
• «Bossan concept» dükanynyň salgysy: Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýy, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyra).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň