Dünýäniň dürli künjeginiň internet ulanyjylary meşhur “Telegram” messenjeri bilen baglanyşykly ýüze çykan näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz boldular. Downdetector-yň habar bermegine görä, dürli internet çeşmeleriniň öçmegi we gözegçilikleriň kesilmegi Russiýanyň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylary üçin kynçylyklary döretdi.
Ulanyjylar bu babatda programma (51%), şeýle-de habar ibermek (15%) bilen baglanyşykly nägileliklerini bildirdiler. Mundan başga-da, habarlaryň 34%-i serwere birikmekde döreýän näsazlyklaryň bardygyny belleýär. Bu barada bolsa rbc.ru saýty habar berýär.
Ýeri gelende meşhur “Telegram” messenjeriniň 2013-nji ýylda döredilendigini bellemek bolar. 4-nji oktýabrda “Facebook”, “Instagram” we “WhatsApp” messenjerleriniň Ýer ýüzi boýunça işlemesini wagtlaýynça bes edeninden soň, Telegramda rekord derejede 70 million sany täze ulanyjy hasaba alyndy.